2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

El hünäri — il gezer.

             El hünäri — il gezer.
      Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz şäher guramasynyň guramagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa şäher zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, talyp gyzlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Daşoguz şäher häkiminiň orunbasary, TZB-niň şäher guramasynyň başlygy Gülläle Hudaýbergenowa, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Bahar Ýusupowa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Altyn Bekiýewa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Aýnur Ýusupowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda türkmen gelin-gyzlarynyň sungat eserine kybap gözellik döredýän nepis keşdelerine diňe ýurdumyzda däl, eýsem dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma bilen aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli keşdelerimiz üstünden näçe wagt geçse-de öz durkuny ýitirmeýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň öz baldyzy üçin işläp bejeren, üstünden ýarym asyr geçse-de öz öwüşginini, durkuny ýitirmedik ajaýyp kürtesiniň we ören jorabynyň aýdyň mysal bolup durýandygy çykyşlarda buýsanç bilen bellendi. Milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary dünýä ýaýmak babatda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Geçen ýylda «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna berilmegi we bu babatda şu ýylda degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýandygy hem aýdylanlara anyk subutnamadyr. Çykyşlarda zenanlaryň inçe sungatynyň dünýä içre meşhur bolmagyna uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Maslahatyň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň «Oguzabat» folklor tans topary läleleriň sazlaşygynda gelin-gyzlaryň «ümä» üýşen pursadyny sahnalaşdyrdylar. Bu bolsa dabara gatnaşyjylarda özboluşly ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde zenanlaryň el işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.