2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Halkara olimpiadalaryň ýeňijileri.

 

                Halkara olimpiadalaryň ýeňijileri.
       Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ýakynda Azerbaýjan Respublikasynda 1-nji halkara Lutfi Zade we Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen 8-nji halkara geometriýa olimpiadalaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. 1-nji halkara Lutfi Zade olimpiadasynda Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän, ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Abdulla Abdullaýew kümüş medala, Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen 8-nji halkara geometriýa olimpiadasynda Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän, ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Mahtuza Hudaýbergenowa kümüş medala, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Süleýman Koçkarow bürünç medala mynasyp boldular. Bu guwandyryjy netijeler bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.