2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Döwrümize şan getirmiş bu ýyllar.

            Döwrümize şan getirmiş bu ýyllar.
       Beýik maksatlara ýetmekde halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny mynasyp dabaralandyrmak, döredijilik eserleriniň üsti bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri wagyz etmek maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Daşoguz welaýat teleradio studiýasy bilen bilelikde welaýat kitaphanasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy — halkyň köňül senasy» atly maslahat geçirdi.Maslahata halypa ýazyjy-şahyrlar, dramaturglar, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Onda «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy, ýazyjy Reimbaý Sabirow, žurnalist Dädebaý Nartyýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Tirkeş Hümmiýew, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň bölüm müdiri Öremyrat Öwezow, TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň hünärmeni Kemal Sabyrow dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerime eýe bolan ägirt uly özgertmeler, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan iri möçberli halkara ähmiýetli taslamalar barada buýsançly belläp geçdiler. Ýylymyzyň ilkinji pursatlarynyň hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp goşgusy bilen badalga almagynyň uly mana eýedigi maslahatda aýratyn bellenildi. Goşgy setirlerindäki ylham-joşgunyň her bir ynsanyň Watan hakyndaky beýik söýgüsiniň çeper beýany bolup ýaňlanandygy buýsanç bilen nygtaldy. Watan hakyndaky ylhamyň dolup-daşmasy bolan bu joşgunly setirler «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçjek ýylyň aýratyn ýatda galyjy boljakdygyny alamatlandyrýar. Maslahatda çykyş edenler bular barada nygtamak bilen, özleriniň ýürek buýsançlaryny döreden goşgy setirleri bilen beýan etdiler. Maslahatda edilen çykyşlarda döwrümiziň gülläp, bedew batly ösüşlerimiziň älem içre şöhratlanjak «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da yhlasly zähmet çekip, täze-täze eserleri döretjekdiklerini bellediler. Kalba ylham eçilýän bagtyýar günleri halkyna peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri maslahatda joşgunly beýan edildi.