2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Täze üstünliklere ruhlandyrýan ýylymyza buýsanç.

                   Täze üstünliklere ruhlandyrýan ýylymyza buýsanç.
       Döwrümize şan berip gelen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ajaýyp şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahatlar welaýatymyzda giň gerimde dowam edýär. Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Boldumsaz, Gubadag, Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky etraplarda geçirilen maslahatlarda halkyň köňül senasyna öwrülen ýylymyzyň şygary baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. Maslahatlarda çykyş edenler «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary döwlet syýasatynyň baş ýörelgesine öwren milli Liderimiziň ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artmagy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri barada belläp geçdiler. Maslahatlaryň dowamy medeniýet we sungat ussatlarynyň hormatly Prezidentimizi, 2022-nji ýyly — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylymyzy, gülden görkli jan Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Uly ruhubelentlige, egsilmez buýsanja beslenen dabaraly maslahatlara gatnaşanlar ajaýyp döwri halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny joşgunly beýan etdiler.