2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Ezberler öňe saýlandylar.

                     Ezberler öňe saýlandylar.
      Milli ýörelgeleriň nesillerde mynasyp dowam etdirilmegini gazanmak, gyzlaryň geljekki durmuşa taýýarlygyny kämilleşdirmek maksadynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşiginiň deslapky tapgyrlary welaýatymyzyň S.Türkmenbaşy adyndaky, Boldumsaz, Gubadag, Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky, Ruhubelent etraplarynyň medeniýet merkezlerinde hem-de Daşoguz şäherindäki «Maral» toý mekanynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Olarda gyzlar «Gyz edebi — il edebi», «Hünärim bar — hormatym bar», «Arkadagly Diýarda türkmen gözeliniň buýsanjy» ýaly şertler boýunça özleriniň başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezdiler. Bäsleşigiň ilkinji şerti boýunça türkmen gyzlaryna mahsus arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, ertirlik taýýarlamak, maşgala agzalaryna goýýan hormaty dogrusynda gyzlar täsirli gürrüň berdiler. Keşde çekmek, gaýma gaýamak, jähek, aldymgaç çalmak, alaja işmek, örmek ýaly milli el işlerini bellenen wagtyň dowamynda ýerine ýetirmekde gyzlar özleriniň çalasynlygyny görkezdiler. Olar Arkadagly zamanany, bagtyýar döwrümize bolan ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň, aýdymdyr goşgularyň, gazallaryň üsti bilen çeper beýan etdiler. Bäsleşikler diýseň gyzgalaňly hem-de şowhunly ýagdaýda geçdi. Olarda has tapawutlanyp çykyş eden gyzlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere TKA-nyň etrap hem-de Daşoguz şäher birleşmeleriniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.