2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.

          Okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.
     Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini ösdürmek, mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, bilimiň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli bilim instituty welaýatymyzyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda «Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr» atly usuly-amaly maslahat geçirdi. Daşoguz şäherindäki saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler jaýynda maslahatyň umumy mejlisi geçirildi. Ilki bilen, usuly-amaly maslahata gatnaşyjylar toplumyň kitaphanasynda welaýatymyzyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň taslama sergilerine syn etdiler. Soňra maslahatda edilen çykyşlarda bilim işgärleri özleriniň iş tejribesi, okatmagyň usulyýet esaslaryny kämilleşdirmegiň ýollary, okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmekde maglumatlar binýadynyň elýeterliligi barada aýratyn durup geçdiler. Şeýle-de umumy mejlisde edilen çykyşlarda bilim işgärleriniň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly okuw gollanmalarynyň ähmiýeti barada bellenildi. Soňra okuw-usuly maslahaty bölümçelerde öz işini dowam etdi. Olarda diňlenen çykyşlarda bilim bermegiň usuly esaslary, okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmegiň öňdebaryjy ýollary barada gürrüň edildi, tejribe alşyldy.