DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sergi guraldy.

                 Sergi guraldy.
       Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerlerinde türkmen bedewiniň şanyna baýramçylyk dabaralary, duşuşyklar, söhbetdeşlikler yzygiderli guralýar. Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp sergi guraldy. «At — türkmeniň buýsanjy» ady bilen guralan sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan, milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy hasaplanýan bedewlerimiziň görküne görk goşýan at esbaplary, şeýle-de olaryň gözelliginiň suratlardaky beýany sergini synlamaga gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Muzeýiň hünärmenleri sergide ýaýbaňlandyrylan eksponatlar, olaryň gelip çykyş taryhy barada gyzykly maglumatlary giňişleýin gürrüň berdiler. Giň many-mazmuna eýe bolan sergi ony synlanlarda uly täsir galdyrdy. Giç agşama çenli dowam eden bu serginiň gelim-gidimi kemelmedi.