2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Bereketli hasylyň esasy.

                           Bereketli hasylyň esasy.
     ...Obanyň günorta tarapyny kesip geçýän gara ýoluň golaýyndaky giň meýdanda kuwwatly traktorlaryň bir topary sürüm, borona-mala basmak işlerini geçirip ýördi. Olaryň sazlaşykly hereketlerinde häzirki günleriň gyssagy mese-mälim görünýärdi. Atyzyň bäri çetinde bolsa birnäçe adam nämedir bir zadyň maslahatyny edip durdular.
      — Ýigitler, armaň! — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Kakabaý Täjow ekiş geçirilýän meýdana geleninde olara ýüzlendi: — Tüweleme, depginiňiz-ä pes däl. Bu ýagdaýda düýnküden has köpräk meýdanda ekiş geçirseňiz gerek.
      — Hawa, şu gün ir bilen bu meýdanda sürüme başladyk — diýip, kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Akmyrat Nazarow oňa jogap berdi: — Ynha, görüp durşuňyz ýaly, eýýäm bu işi gutaryp barýarys. Nesip bolsa, ýene ýarym sagatdan ekişe hem girişeris...
Biz gürrüňi edilýän bu görnüşlere golaýda Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň 2-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanynda şaýat bolduk. Şonda birleşigiň başarjaň kärendeçileriniň biri hasaplanylýan Wepa Jumanowyň ýerinde gowaça ekişi başlanjak bolup durdy. Şol pursatda biziň ilkinji gürrüňdeşimiz kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Akmyrat Nazarow boldy. Ol sowalymyza jogap berip, şeýle diýdi:
     — Şu möwsümde biz toparymyzyň agzalary bolup 109 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmegi göz öňünde tutýarys. Häzirki wagta çenli kärendeçilerimiziň ençemesiniň meýdanlarynda bu iş oňat hilli ýerine ýetirildi. Olardan Maýa Garlyýewa 2,5, Amandursun Ataýewa, Ogulnabat Arazbaýewa dagynyň her biri 2 gektardan ybarat kärende ýerlerini irki möhletlerde sürüp-tekizläp, suwdan gandyryp, gowaça ekişine birkemsiz taýýar etdiler. Şonuň netijesinde-de olaryň kärende ýerlerinde ilkinjileriň hatarynda ekiş geçirildi.
        Soňra biz Wepanyň kärende ýerinde ekişiň barşy bilen gyzyklandyk. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, şol mahal bu ýerde traktorlaryň birnäçesi sürüm, mala basmak işlerini tamamlap, bir gyra çykypdylar, gowaça ekiji gural tirkelen traktor bolsa ekişe başlamaga taýýar bolup durdy. Özara gürrüňdeşlikden belli bolşy ýaly, bu traktorlara erk edýän mehanizatorlar Şyhbaý Saparbaýew, Maksat Jumamyradow, Nazarbaý Bazarbaýew, Berdimyrat Güýzekow dagy ekeni. Olaryň öz kärine örän yhlasly ýapyşmak bilen, işleri göwnejaý ýerine ýetirip, köpleriň hoşallygyna mynasyp bolýandyklary hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu ýerde gowaça ekiji gural tirkelen traktorda işleýän mehanizatora Bagtyýar Gazakow diýýär ekenler. Onuň traktor bilen iş salşyp ýörenine 20 ýyla golaý wagt bolupdyr. Indi ençeme ýyllardan bäri bolsa Bagtyýar gowaça ekişine işjeň gatnaşyp gelýär. Şu döwürde ol bu işiň abyny-tabyny birkemsiz ele alypdyr. Bu iş tejribesi häzirki wagtda oňa gowaça ekişini talabalaýyk geçirmekde uly kömek berýär. Başarjaň mehanizator şu ýyl bu işde has-da gaýratly zähmet çekmek bilen, daýhan birleşiginde ekişiň öz wagtynda tamamlanmagyna goşant goşmakçy bolýar.
      — Daýhan birleşigimiz boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 737 gektar meýdana gowaça ekip, onuň bereketli hasylyny kemala getirmek meýilleşdirilýär — diýip, baş agronom Kakabaý Täjow aýtdy: — Şu möhüm wezipelere hötde gelmek ugrunda kärendeçi daýhanlarymyzyň 350-ä golaýy ýadawsyz iş alyp barýarlar. Munuň şeýledigini häzirki günlerde olaryň gowaça ekişini gowşamaýan depginde dowam etdirýändiklerinden-de görmek bolýar. Pagtaçy daýhanlarymyzyň, mehanizatorlarymyzyň agzybirlikli zähmeti üstünlik getirer diýen tamamyz bar. Hawa, bu birleşigiň zähmetsöýer adamlary köp ýyllardan bäri dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda pagtanyň bol hasylyny öndürmekde görelde alarlyk işleri bitirip gelýärler. Üstümizdäki şöhratly ýylda-da şeýle boljakdygyna olar berk ynanýarlar.