2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Zähmeti goramak — derwaýys wezipe.

          Zähmeti goramak — derwaýys wezipe.
    Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň bilelikde guramagynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen çäräniň çäklerinde «Zähmeti goramak — howpsuz önümçiligiň kepili» atly usuly-okuw maslahaty geçirildi. Oňa zähmeti goramak boýunça jogapkär adamlar, zawodyň işçi-hünärmenleri gatnaşdylar.
   Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi Meýlis Gulbaýew, pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň uly inspektory Sätgeldi Kakabaýew, «Demirbetonönümleri» zawodynyň başlygynyň orunbasary Kuwwat Baýramow, gurluşyk bölüminiň başlygy Jepbarberdi Tirkeşow, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça baş hünärmeni Kömek Nazarow, gurluşykda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça baş hünärmeni Jemaleddin Babajanow we beýlekiler çykyş edip, ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky aladalara döwletimiziň iň esasy wezipesi hökmünde garalýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Şonuň ýaly-da, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmak, sagdyn durmuşy wagyz etmek hem-de zähmetkeşler köpçüligi üçin howpsuz, amatly iş şertlerini döretmäge jemgyýetçilik gözegçiligini artdyrmak, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini üpjün etmek, önümçilikde şikes ýetmeginiň öňüni alýan häzirki zaman tehniki howpsuzlyk serişdelerini ornaşdyrmak, howpsuzlygyň hem-de hünär keselçiliginiň döremegini aradan aýyrýan talaplara jogap berýän zähmet şertlerini üpjün etmek ýaly wezipeleriň üstünde durlup geçildi. Zawodda zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň talaplarynyň berjaý edilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylýandygy, gurluşyk meýdançalarynda we önümçilik bölümlerinde işgärler üçin howpsuz iş we dynç alyş şertleriniň üpjün edilýändigi, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çäreleriniň guralyp, arassaçylyk we tertip-düzgün boýunça düşündiriş işleriniň geçirilýändigi barada täsirli gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.