2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Bereketli pile hasyly öndüriler.

               Bereketli pile hasyly öndüriler.
       Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Köneürgenç etrabynda hem ýüpek gurçugyny idetmek möwsümine taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Ýakynda biz etrabyň pile kabul ediş we guradyş bölüminiň ýolbaşçysy Ilmät Ilmädow bilen söhbetdeş bolup, ondan möwsüme görülýän taýýarlyk dogrusynda gürrüň bermegini soradyk:
      — Etrabymyz boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 40 tonna ýokary hilli pile öndürmek bellenilen. Şu günler ýüpek gurçugyny idetmek möwsümine taýýarlyk işleri etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi az wagtlyk dowam edýän hem bolsa, kärendeçilerden uly jogapkärçiligi talap edýär. Möwsümde ýüpek gurçugynyň saklanyljak jaýlarynyň arassa, howanyň ýylylyk ýagdaýynyň kadaly bolmagy, wagtly-wagtynda ýeterlik mukdarda tut ýapraklary bilen iýmitlendirilmegi hökmany şert bolup durýar. Bu möwsüme taýýarlyk görmekde etrabymyzyň «Akderýa», «Akgala», «Täzeýap», «Hakykat», «Bereket» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Kärendeçileriň hemmetaraplaýyn taýýarlyklary ýokary hilli pile öndürmek barada bellenen meýilnamany ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.