Kitap gory baýlaşdy.
Golaýda welaýat kitaphanasyna Gahryman Arkadagymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitaby we «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň iňlis dilindäki neşiri gelip gowuşdy. Şeýle-de Nyzamy Genjewiniň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen saýlanan eserleri, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Hatyra kitabynyň 2-nji tomy (Balkan welaýaty), halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanan «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly kitaplar hem kitapsöýüjileriň gyzgyn söýgüsini gazanyp, ýygy-ýygydan okalýan kitaplaryň hataryna goşuldy.