2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Asyrlary aşyp gelen sungatym!

                        Asyrlary aşyp gelen sungatym!
          Boldumsaz etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň etrap saýlama tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän bu aýdym-saz bäsleşiginiň esasy maksady merdana halkymyzyň adamzat medeniýetine goşan goşandyny şöhratlandyrmakdan, ussat halypa bagşylarymyzyň gymmatly mirasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekden, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň bu tapgyrynda ýaş dutarçy bagşy-sazandalar öz ukyp-başarnyklaryny, ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk ussatlygyna, sahnada özüni alyp barşyna, ukyp-başarnygyna baha berdiler. Sahnada ýaňlanan halk aýdymlary, dessanlardan ýerine ýetirilen parçalar bäsleşigiň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bäsleşik zehinli ýaşlar üçin özboluşly döredijilik gözden geçirilişi bolmak bilen birlikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli aýdym-saz sungatynyň dowamatynyň dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bäsleşigiň dowamynda belent perdelerde ýaňlanan aýdym-sazlar bu keremli topragyň ýaş zehinlere baýdygyny ýene bir ýola aýdyňlyk bilen görkezdi. Ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen has tapawutlanmagy başaran Şatlyk Annaorazow bilen Aýsere Gurbanowa bäsleşigiň etrap tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Saparmyrat Türkmenbaşy, Köneürgenç, Gubadag etrap saýlama tapgyrlary hem guramaçylykly geçirildi. Etrap tapgyrlarynda ýeňiş gazanan zehinli bagşy-sazandalara Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy. Şeýle hem olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.