2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Bilim işgärleriniň wajyp wezipesi.

                      Bilim işgärleriniň wajyp wezipesi.
        Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi welaýatymyzyň umumybilim berýän edaralarynyň ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmäge taýýarlyk sapaklaryny geçirmekde toplanan tejribeleri paýlaşmak» atly okuw maslahatyny gurady. Onda Daşoguz şäherindäki 28-nji orta mekdebiň mugallymy Şasenem Babaýewa, Görogly etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň mugallymy Abadan Arazgeldiýewa, welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri Şageldi Mämiýew, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Serdar Arazberdiýew, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor Arslan Nazarow, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýol gözegçiligi bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Batyr Hojaýew we beýlekiler dürli mowzuklar boýunça çykyş edip, orta mekdeplerde okuwçylara adatdan daşary ýagdaýlar, olar ýüze çykan halatlarynda hereket etmegiň ýollary hakynda düşünje bermekde alnyp barylýan işler, bu babatda öňde duran wezipeler barada giňişleýin aýdyp geçdiler. Okuw maslahatynyň dowamynda ýörite interaktiw tagtanyň kömegi bilen, adatdan daşary ýagdaýlar barada anyk maglumatlar berildi hem-de şekiller görkezildi.