2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy.

                       Beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy. 

          Gubadag etrabyndaky çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde sportuň küşt, şaşka we düzzüm görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Gyzgalaňly geçen ýaryşlar TDP-niň Gubadag etrap komiteti bilen sport mekdebiniň guramagynda «Türkmenistanda 2021 —  2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaýbaňlandyryldy. Ýaryşlar milli oýunlarymyzy ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, zehinli türgenleri höweslendirmek maksady bilen geçirildi. Oýunlaryň netijesine görä, şaşka boýunça Han Hudaýberdiýew, küşt boýunça Alibek Anwarow, düzzüm boýunça Gündogdy Otuzow birinji orny eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy.

                                                                                                                                 * * *

         S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde hem pauerlifting boýunça sport mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryny sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä höweslendirmek, ussat türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryş örän çekeleşikli boldy. Agyr atletikanyň bir görnüşi bolan pauerlifting boýunça geçen ýaryşa sport mekdebiniň dürli agram derejesindäki türgenleri gatnaşdylar. Netijede, Sarwar Abdullaýew, Muhuddin Muhamedow, Bunýad Anwarow, Eldar Saparbaýew dagy öz agram derejelerinde ýeňiş gazandylar. Ýeňijiler Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.