2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Üstünlik yhlasa bagly.

                             Üstünlik yhlasa bagly.
          Garaşsyz ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalaryň netijesinde döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, uzak Garagumda öndürijilikli zähmet çekýän welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemekde düýpli öňegidişliklere eýe bolýarlar. Munuň şeýledigini olaryň şu ýylyň dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsüminde ýeten belent sepgitleri hem aýdyň görkezýär. Şonda öňde goýlan wezipelerden ugur alan birleşigiň maldarlary 43089 ene dowardan 36 müňden gowrak owlak-guzy, ene düýelerden bolsa 830-a golaý köşek alyp, bu baradaky meýilnama abraý bilen hötde geldiler. Gazanylan bu üstünlige möwsümde 24220-den gowrak owlak-guzy, 515 sany köşek alan Görogly etrabyndaky «Garagum», 11800-e golaý owlak-guzy, 313 sany köşek alan S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary mynasyp goşant goşdular. Bu babatda aýdylanda, aýry-aýry çopan-çoluklaryň has-da saldamly paýlarynyň bolandygyny bellemeli. Şu döwürde mallary tohumlandyrmak, amatly ýerlerde bakmak, goşmaça iýmitlendirmek, olaryň saglygyny goramak ýaly aladalara uly üns berilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Çünki olar dowarlaryň, düýeleriň owlak-guzy, köşek almak möwsümine gurat ýagdaýda getirilmegine şert döretdi.