2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Biraýlygyň netijeleri jemlendi.

                        Biraýlygyň netijeleri jemlendi.
         Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler eýwanynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň aprel aýynda yglan edilen edara-kärhanalarda işgärlere sagdyn we howpsuz zähmet şertlerini döretmek, tehniki we ekologik howpsuzlygy doly berjaý etmek, zähmeti goramak hakynda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly biraýlygyň jemlerine bagyşlanan «Berkarar, Galkynýan ýurdum — sagdyn zähmetiň mekanyny gurduň» ady bilen dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Arslan Taganow, tehniki gözegçisi Meýlis Gulbaýew, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň uly gözegçisi Sätgeldi Kakabaýew, «Göroglysuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işçisi Kuwwat Atamyradow, Daşoguz pagta egriji fabriginiň taýýar önümleri gaplaýjysy Ejeş Amangeldiýewa dagy çykyş edip, edara-kärhanalarda, önümçilik we hyzmat ediş desgalarynda howpsuz zähmet şertlerini döretmek, zähmetkeş raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň maddy we ruhy taýdan zyýan çekmeleriniň öňüni almak baradaky bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Dabaranyň dowamynda Garaşsyz Watanymyzda adam saglygy barada, halkynyň eşretli, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri çykyşlaryň ählisinde öz beýanyny tapdy.
             Maslahatyň ahyrynda biraýlygyň jemleri boýunça howpsuz zähmeti üpjün etmek babatda göreldeli görkezijilere eýe bolan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň tehniki hyzmat ediş kärhanasy, «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň baş gazgeçirijiniň ugrundaky «Ýylanly» önümçilik edarasynyň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça esasy hünärmeni Şöhrat Gurbangeldiýew, «Göroglysuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işçisi Kuwwat Atamyradow TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.