2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Baýramçylyga bagyşlanan sergi.

                        Baýramçylyga bagyşlanan sergi.
      Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli «Watan Gahrymanlary ýüreklerde ýaşaýar» atly sergi açyldy. Sergide Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri, frontda edermenlik görkezen Türkmenistanyň Gahrymanlary Annagylyç Ataýewiň, Jumagaly Kaldykaraýewiň, Jumanyýaz Hudaýbergenowyň, Saparmät Hojaýewiň durmuş ýollary hakynda baý maglumatlar bilen tanyşmak mümkin. Uruş ýyllarynda front bilen tylyň arasyndaky baglanyşygy alamatlandyrýan üçburç hatlar hem sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Bu sergi ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.