2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Sport ýaryşlary.

                         Sport ýaryşlary.
       Daşoguz şäherindäki 4-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde sportuň tigir sürmek we çeper gimnastika görnüşleri boýunça Daşoguz şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaşlarda sportuň Olimpiýa görnüşlerine höwes döretmek, geçirilýän okuw-türgenleşikleriniň netijeliligini artdyrmak we ýurdumyzda amala aşyrylýan sport syýasatyny dabaralandyrmak maksady bilen guralan ýaryşlara Daşoguz şäherindäki çagalar we ýetginjekler sport mekdepleriniň türgenleri işjeň gatnaşdylar. Ýaryşlaryň düzgünnamasyna görä, ýeňijiler kesgitlenildi we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
                                                                                                                      ***
           Bagtyýar raýatlarymyzyň arasynda bedenterbiýe we köpçülikleýin sport hereketini ýaýbaňlandyrmak babatda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlaryndan ugur alnyp, Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde agyr atletika boýunça ýetginjek türgenleriň arasynda welaýat birinjiligi geçirildi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşda türgenleriň gazanan umumy netijelerine görä, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky 4-nji, Daşoguz şäherindäki 1-nji hem-de Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdepleriniň türgenleri degişli derejeli baýrakly orunlary eýelediler. Ýaryşda ýeňiş gazanan türgenlere Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy.