2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Manyly ömrüň beýany.

                                      Manyly ömrüň beýany.
         «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň taryhy pursatlarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar ildeşlerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly serpaý boldy. Halkymyzyň däp-dessurlarynyň, asylly ýörelgeleriniň, milli häsiýetleriniň, ýaşlary ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza ygrarly terbiýelemegiň, awtoryň manyly ömrüniň iň arzyly pursatlarynyň beýany bolan bu ajaýyp eseriň golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara KA-nyň welaýat hem şäherdir etrap birleşmeleriniň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler jemgyýetiň ahlak hem durmuş ýörelgeleri barada söhbet açýan bu ajaýyp eseriň halkymyzyň medeni hem durmuş gymmatlyklary, asyrlaryň dowamynda toplan baý milli mirasy bilen içgin tanyşmaga uly mümkinçilik berýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ýolbaşçysy wezipesinde işlän ýyllarynda bolup geçen, ýatdagalyjy taryhy pursatlary beýan edýändigi, onuň berkarar Watanymyzyň hem-de bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyzyň bagtly geljeginiň binýadyna uly esas boljakdygy buýsanç bilen bellenilip geçildi. Çykyş edenler milli Liderimiziň döwet galamynyň mundan-da ýiti bolmagyny, peder göreldesine eýerip, ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tutumlarynyň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.