2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Ýaňlan, Diýarym! — 2022.

                           Ýaňlan, Diýarym! — 2022.

                             Ruhy joşguna beslenen bäsleşik.
        «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň maý aýynyň başynda welaýatymyzda «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» bäsleşiginiň — şäher, etrap tapgyrlary giň gerim aldy. Bäsleşigiň Ýaşlar merkezinde ýaýbaňlandyrylan Daşoguz şäher tapgyry aýratyn uly joşguna beslendi. Oňa zehinli höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Olar halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen aýdymlar belentden-belent ýaňlandy. Ata Watana söýginiň beýany bolup ýaňlanan şirin aýdymlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň saýlap alan aýdymlaryny ýerine ýetiriş ukybyna, sahnada özüni alyp baryş medeniýetine görä baha berdiler. Olaryň gelen netijelerine görä, Daşoguz şäheriniň medeniýet merkeziniň aýdymçylary Mährijemal Käbäýewa, Eziz Sabirow dagy bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara Daşoguz şäheriniň medeniýet merkeziniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň we TKA-nyň Daşoguz şäher birleşmesiniň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.
Welaýatymyz boýunça bu bäsleşigiň etrap tapgyrlary hem guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.