2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasy.

                                Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasy.
      Şu gün Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 450 orunlyk köpugurly hassahana açylyp ulanmaga berildi. Döwlet Baştutany Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Bu ýerde aýdym-saz we tans toparlary şowhunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezident täze lukmançylyk desgasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde söz sözläp, hassahananyň aýratynlyklary we ilata ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin döredilen şertler barada durup geçdi. Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, binanyň içine girdi. Belent mertebeli myhmany ak ýektaýly çagalar ajaýyp çykyşlary bilen garşyladylar.
      Hormatly Prezidentimiz hassahananyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde näsaglardyr lukmanlaryň işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Ýokary hilli we köptaraply lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen köpugurly hassahananyň 4 gatly binalar toplumy 7 bölekden ybaratdyr. Bu ýerde ýöriteleşdirilen bölümleriň 32-si bar. Olaryň hatarynda maslahat beriş, fizioterapiýa, endoskopiýa, kelle-beýni gan aýlanyşy bozulan näsaglaryň (insult) bölümi, infarkt, nefrologiýa, neýrohirurgiýa, rewmokardiologiýa, GBB keselleri, arterial gipertoniýa, umumy kardiologiýa, pulmonologiýa we allergologiýa, endokrinologiýa, şöhle bilen anyklaýyş, anesteziologiýa we reanimasiýa, toksikologiýa we gemodializ, trawmatologiýa we ortopediýa bölümleri bar.
        Bu hassahana demirgazyk sebitiň iň iri saglyk merkezleriniň birine öwrüler. Açylyş dabarasynyň çäklerinde daşary ýurtly bilermenler täze hassahana halkara güwänamalary gowşurdylar.