2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasy.

                                       Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasy.
         Döwlet Baştutanymyz köpugurly hassahananyň işgärlerine ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşuryp hem-de açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, golaýda ýerleşen Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň binasyna geldi. Täze desganyň öňündäki meýdançada aýdym we tans döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesip, binanyň içine girýär. 
         Açylyp ulanylmaga berilen 3 gatly 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy 59 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Halkara ülňülere laýyklykda, onkologiýa kesellerini anyklamakda we bejermekde netijeli kömek bermäge niýetlenen täze merkeziň peýda bolmagy dünýä lukmançylygynyň ösüşini nazara almak bilen, saglygy goraýşyň wajyp wezipelerini çözmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Onkologiýa hassahanasy ýokary derejä doly laýyk gelmek bilen, çalt bejergi işlerini hem-de himiki we toplumlaýyn terapiýany geçirmäge mümkinçilik berýän zerur gulluklaryň ählisine, ýokary tehnologiýaly enjamlara eýedir. Bu ýerde 9 bölüm: maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, umumy onkologiýa, gematologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, radiologiýa, himiýaterapiýa, palliatiw bejeriş bölümleri hem-de barlaghana hereket edýär. Hassahana Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Niderlandlar Patyşalygy, Çehiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary, saglygy goraýyş maksatly beýleki serişdeleri bilen üpjün edildi. Bulardan başgada hassahanada 100 orunlyk mejlisler otagy, internet bilen üpjün edilen kitaphana, okuw sapagyny geçmek üçin niýetlenen otag hem bar. Şeýle-de bu ýerde naharhana, merkezleşdirilen kislorod stansiýasy, ýyladyjy we sowadyjy toplum, hassahananyň öz awtoulaglary üçin garaž, işgärleriň ulaglary üçin awtoduralga göz öňünde tutuldy.
         Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow onkologiýa hassahanasynyň işgärlerine ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy. Açylyş dabarasynyň çäklerinde daşary ýurtly bilermenler täze hassahana halkara güwänamalary gowşurdylar. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde döwrebap hassahanalaryň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, şu günki ajaýyp waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.