2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Önüm bolçulygy ugrynda.

                  Önüm bolçulygy ugrynda.
     «Şabat» daýhan birleşigi Gurbansoltan eje adyndaky etrapda göreldeli hojalyklaryň hatarynda tanalýar. Bu ýerde topraga yhlas siňdirýän guýmagursak daýhanlaryň uly topary bar. Olaryň tutanýerli zähmeti netijesinde, gowaçadyr beýleki ekinlerden bol hasyl öndürmekde ýylyň-ýylyna guwandyryjy üstünliklere eýe bolunýar. Daýhanlar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da ýerden bereketli hasyl öndürmegi maksat edinýärler. Daýhan birleşigi boýunça 940 gektar ýeralma, 450 gektar ýazlyk sogan, 5 gektar sarymsak, 10 gektar kelem, 10 gektar pomidor, 30 gektar käşir, 50 gektar bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ugurda iş alyp barýan kärendeçileriň eýeçiligindäki ýerlerdäki dürli görnüşli ekinleri synlanyňda gözüň dokunýar. Işine ezber kärendeçileriň hatarynda tanalýan Koçkarbaý Maşaripow, Malika Sapaýewa, Enegül Halmyradowa, Miýesser Jumaniýazowa, Omarjan Haýdarjanow dagynyň işeňňirligi netijesinde ekinleriň ösüp boý alşy-da, hasyl getirişi-de aýratyn tapawutly.
     — Ýerden bol hasyl öndürmegi başarýan kärendeçilerimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini ýokarlandyryp, ilatymyzy öz topragymyzda ösdürip ýetişdirilýän, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler — diýip, daýhan birleşiginiň baş hünärmeni Polat Jumabaýew aýdýar.