2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Gazuw-barlag işlerine girişildi.

                                     Gazuw-barlag işlerine girişildi.
     Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, milli taryhy-medeni mirasyň çäklerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Täze maksatnamada welaýatymyzyň «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginiň günorta-günbatar tarapynda arheologik gazuw-barlag işlerini geçirmek hem bellenilendir. Şu maksatnama esasynda bu ýadygärlikde Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hem-de goraghananyň ýanyndaky ylmy rejeleýiş-önümçilik ussahanasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki gazuw-barlag işlerine badalga berildi. Dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylary arassalamak, san belgilerini goýmak, surata düşürmek, tapyndylary gysga suratlandyrmak hem-de tapyndylary ýelmemek we oýma nagyşly binagärlik (arhitektura) bezeg bölekleriniň çyzgysyny çyzmak işleri alnyp barylýar.