2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Täze döwrüň ruhy öwüşgini.

                       Täze döwrüň ruhy öwüşgini.
     Ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan dabaralar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şu mynasybetli ýakynda «Türkmeniň ak öýi» binasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly konserti guraldy. Binanyň dürli öwüşginli sahnasynda teatr artistleri Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasyny «Garaşylan ajap eýýam gelipdir!» atly edebi-sazly kompozisiýa arkaly taryp etdiler. Konsertiň dowamynda çagalar sungat mekdepleriniň bagtyýar çagalarynyň şirin owazlary ýaňlandy. Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hor toparynyň «Arkadagly Serdarymyz», Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýewiň «Halkyň Arkadagly zamanasy» aýdymlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Baýramçylyk konsertinde halk aýdym-sazlaryna, häzirki zaman estrada aýdymlaryna, saz eserlerine, «Dostluk çemeni» tans toparynyň baýramçylyk tansyna, welaýatyň birleşen dessançy bagşylar toparynyň şirin namalaryna hem giň orun berildi. Dabaraly konserte gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çyn ýürekden çykan alkyş sözlerini aýtdylar.