2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Zergärler bäsleşdiler.

                         Zergärler bäsleşdiler.
     Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzdan Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Orazguly Kakaýew, Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Çemen Käbeliýewa bilelikde gatnaşdylar hem-de ikinji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.