2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Joşguna beslenýän meýdanlar.

                              Joşguna beslenýän meýdanlar.
     Welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynda hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda irginsiz zähmet bilen kemala getirilen bugdaý hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almaklyga gönükdirilen çäreler öz wagtynda, giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýlelikde, häzirki günlerde etrabyň daýhan birleşiklerinde bu möhüm işde ähli güýçden peýdalanylyp, ýokary netijeler gazanylýar. Şonda atyz-meýdanlarda ýadawsyz zähmet çekýän gallaçy kärendeçiler, kombaýnçylar, ulag sürüjiler bilen birlikde, olara dürli ugurlardan ýardam berýän, ruhy goldaw edýän medeni-durmuş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň goşantlary az bolmaýar. Munuň şeýledigine etrabyň «10 ýyl abadanlyk» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda bu babatda amala aşyrylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolanyňda has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Belli bolşy ýaly, şu ýyl daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri 1505 gektar meýdanda bugdaýyň saldamly hasylyny ýetişdirmek boýunça agzybirlikli iş alyp barypdyrlar. Şonuň netijesinde gazanylan öňegidişlikler öz miwesini beripdir. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde şu möwsümde Watan harmanyna 2800 tonna ýokary hilli bugdaý goşmak barada bellenilen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegine doly esas döredildi. Häzirki döwürde olaryň hasyl ýygymynyň depgini boýunça öňdäki orunlarda barmagy hem munuň şeýledigini anyk subut edýär. Ýeri gelende aýtsak, daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň köp sanlysy şu mahala çenli öz ýyllyk meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Olaryň hatarynda 3 gektar ýerden 15 tonna hasyl alan Dürjan Mollaýewa, şonça ýerden 14 tonnadan gowrak bugdaý ýygnan Nurmuhammet Artykow, 2 gektar meýdandan 8,9 tonna däne öndüren Şirin Duşemowa we beýlekiler bar.