2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Sungatyň bagtyýarlyk ýoly.

                            Sungatyň bagtyýarlyk ýoly.
     Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gadymy Mary topragynda geçirilýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi şu ýyl 10-njy gezek geçirilýär. Bu bolsa sungat baýramçylygynyň halkyň kalby bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, her ýylda täze röwşe, many-mazmuna eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyşy ir säher bilen Mary şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Ruhyýet köşgünde boldy. Köşgüň foýesinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň aýratynlykda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, türkmen milli saz gurallarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Toý ruhunda bezelen sahna badalga alýan sungat baýramçylygynyň özboluşly toý ruhuny açyp görkezdi. Bu ýerde, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Serdarymyzyň Gutlagyndan ruhlanan medeniýet we sungat işgärleriniň ýaýbaňlandyran aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşanlaryň ruhuny belende göterdi. Daşoguz welaýatynyň dessançy bagşylarynyň ýerine ýetiren «Ýör, halypam, bu gün toýy gutlaly!» atly aýdymy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gününiň dabaralary soňra «Mary» myhmanhanasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny» atly mediaforum bilen dowam etdi. Mary welaýat kitaphanasynda döredijilik işgärleriniň we şahyrlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen «Arkadagyň dowamaty dowamdyr» atly şygryýet agşamynda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen ýazyjy-şahyrlar özleriniň döreden eserleri bilen çykyş etdiler. Şeýle hem welaýatyň Kemine adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlary, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde bolsa Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Hepdeligiň ilkinji gününde geçirilen dabaralar türkmen medeniýetiniň şanly toýunyň uly ruhubelentlige beslenjekdigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.