2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Rysgal-berekediň gözbaşy.

                                Rysgal-berekediň gözbaşy.
         Häzirki döwürde yhlas siňdirilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak işleri welaýatymyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly alnyp barylýar.
     Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň edermen gallaçylary hem bu babatda aýratyn tutanýerlilik görkezýärler. Olar geçen güýzde 2487 gektar ýerde bugdaý ekişini geçirdiler. Daýhan birleşiginde bugdaýçylyga ýöriteleşdirilen 10 sany topar bolup, olarda zähmet çekýän gallaçy kärendeçiler ak bugdaýyň ähli ideglerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirip, guşgursak dänäniň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Birleşigiň Haýtmyrat Esenow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji kärendeçiler toparynyň gallaçylary orak möwsümini zähmet üstünliklerine besleýärler. 52 sany kärendeçini özüne birleşdirýän toparyň gallaçylary 117,2 gektar ýerde kemala getirilen bereketli bugdaý hasylynyň 350 tonnasyny Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler.
                                                                                                           * * *
     S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň gallaçylary hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýetişdirilen galla hasylyny çalt hem ýitgisiz ýygnap almak ugrunda yhlasly zähmetini gaýgyrmaýarlar. Etrabyň «Bossan» daýhan birleşiginde bu işler has ýokary depgine eýedir. Daýhan birleşigi boýunça 720 gektar meýdana bugdaý ekilip, 1296 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Şonda birleşigiň ezber kärendeçilerinden Halilla Saidow 1 gektar meýdandan 7,5 tonna, Malahat Orazmetowa 1,5 gektar ýerinden 8,4 tonna, Nigora Dawletowa 1 gektar meýdandan 5,5 tonna galla hasylyny almagy başardylar. Daýhan birleşigimiz boýunça galla oragynda 3 sany kombaýnyň güýjünden peýdalanylýar — diýip, daýhan birleşiginiň agronomy Ergaş Toraýew gürrüň berdi.