DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ak mekdepler täze okuw ýylyna taýýar.

                           Ak mekdepler täze okuw ýylyna taýýar.
       Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem 2022-2023-nji okuw ýylyny ýokary guramaçylykly garşylamak boýunça taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Täze okuw ýylyna hemmetaraplaýyn doly taýýar edilen ak mekdeplerde ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin zerur çäreler geçirildi. Şolar dogrusynda giňişleýin gürrüň bermek üçin, welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary Güýçgeldi Gaýypow bilen söhbetdeş bolduk.
      — Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek babatynda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alan welaýatymyzyň bilim işgärleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze okuw ýylyna doly taýýarlyk işlerini geçirdiler. Häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde hereket edýän 525 sany orta mekdebiň, 2 sany ýöriteleşdirilen mekdep-internatyň, 1 sany welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň hem-de 111 sany çagalar bagynyň ählisi, täze, 2022-2023-nji okuw ýylyna doly taýýar edildi.
      Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň meýilnamasy düzülip, onuň ýerine ýetirilişine yzygider gözegçilik edildi. Netijede, welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ählisinde nobatdaky ýeňil abatlaýyş-bejeriş işleri geçirildi. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň daş-töweregi arassalanylyp, haýatlar abatlanyldy we baglar timarlanylyp, düýpleri heklenildi. Okuw otaglarynyň, zähmet ussahanalarynyň, dälizleriň, sport zallarynyň, eşik çalşylýan otaglaryň, mejlisler eýwanynyň, naharhanalaryň we beýleki kömekçi otaglaryň, mekdep kitaphanalarynyň diwarlary aklanylyp, aýna-gapylar reňklenildi, okuwçy partalary, oturgyçlary, mebeller abatlanyldy. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleriň synp otaglarynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim, terbiýe almagy, sagdyn pikir ýöredýän ynsanlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredildi. Mundan başga-da, synp otaglarynda saglyk burçlary döredilip, olar arassaçylyk işlerini talabalaýyk guramaga kömek eder. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegi üçin zerur bolan çäreler geçirildi. Şeýle hem ýagtylyk we elektrik geçiriş garşylygynyň ölçegleri barlanylyp, tok geçirijiler we enjamlar abatlanyldy, kompýuterler, lingafon enjamlary, interaktiw tagtalar, internet torlary, zähmet stanoklary, tikin maşynlary we beýleki tehniki enjamlar işe taýýar edildi. Bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň döwrebap derejede ýerine ýetirilmegi, okuw möwsüminiň başlanmagy bilen, bu ýerde bilim alýan ýaşlaryň üstünliklerine yzygiderli şaýat boljakdygymyza ynamy artdyrýar.