DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ganatly göwünleriň guwanjy.

                               Ganatly göwünleriň guwanjy.
      Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary üstünlikli dowam edýär. Zehin açarynyň eýeleri bolan ýaşlar özleriniň bilimlerini, başarnyklaryny orta goýup, synaglarda üstünlikli çykyş edýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby diýen belent ada mynasyp bolan göwni ganatly ýaşlaryň kalbyndaky buýsanjy egsilmeýär. Olar ajaýyp döwürde okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza köňül töründen çykýan alkyş sözlerini joşgunly beýan edýärler. Biz hem galkynan göwünleriň guwanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.
                              Aýsenem BAÝMYRADOWA,
      Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby:
     — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bütin halkymyzyň durmuşynda bolşy ýaly, meniň durmuşymda hem ýakymly, ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döwrebap bilim almagy babatdaky bimöçber aladalarynyň netijesinde, maňa hem şu ajaýyp ýylda baýry ýokary okuw mekdebi bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň informatika we hasaplaýyş tehnikasy (maglumat ulgamlary we tehnologiýalary) hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Muňa bolsa begenjimiň çägi ýok. Geljekde saýlap alan hünärim boýunça ýokary bilim alyp, ökde hünärmen bolup ýetişjekdigime ynandyrasym gelýär. Biz — ýaşlaryň okap, bilim almagymyz üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!