DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýeriň berekedi - önüm bolçulygy

               Ýeriň berekedi - önüm bolçulygy
      Şu günler güneşli Diýarymyzda gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýygnamak möwsümi dowam edýär. Welaýatymyzda hem bu ugurda yhlasly zähmet çekýän bakjaçy daýhanlar sanardan köpdür. Olaryň ýylboýy çeken yhlasly zähmetleri häzirki wagtda ak bazarlarymyzyň bereket bolçulygyny üpjün edýär. Şeýle bakjaçy daýhanlaryň biri-de Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nuraddin Rozmetowdyr. Nuraddin aga asly käri mugallymçylykdygyna garamazdan, daýhançylyk bilen meşgullanmagy hem halaýar. Ol ýylyň-ýylyna gawundyr garpyzyň, käşiriň, soganyň bol hasylyny ýetişdirýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ol özüniň kärende ýeriniň 0,40 gektaryna gawun, 0,20 gektaryna bolsa garpyz ekipdir. Kärendeçi ýere yhlas siňdirip, ekinlere ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmek bilen, häzirki wagtda çeken zähmetiniň bereketli miwesine guwanýar. Bakjaçy daýhana meýdan işlerini ýerine ýetirmekde maşgalasy Ziwer, perzentleri Hüsneddin, Muhiddin, Enehan, kömekçisi Bahadur ýakyndan ýardam berýärler. Olaryň maňlaý derini siňdirip ýetişdiren gawundyr garpyzlary ajaýyp tagamy bilen tapawutlanýar. Ene ýere yhlas bilen seredip, ondan bereket tapýan şeýle bakjaçy kärendeçileriň päk zähmeti netijesinde ýetişen bakja önümleri ýylyň islendik paslynda her bir maşgala ojagynyň mukaddes saçagynyň bezegine öwrülýär.