DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Hasyla hasyl goşulýan döwür

                   Hasyla hasyl goşulýan döwür
      «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň «Şabat» daýhan birleşiginde gowaçalaryň hatarara bejergisi ýokary depgin bilen dowam edýär. Hatarara bejerginiň ekinleriň gowy boý almagynda, bereketli hasyl toplamagynda ähmiýetiniň uludygyna daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri oňat düşünýärler. Daýhan birleşiginde häzirki günlerde üçünji, dördünji hatarara bejergi işleri dowam edýär. Şolaryň esasy bölegi iýmitli geçirilýär. Bu işlerde daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri etrap boýunça öň hatarda barýarlar. Kemsiz idegi ýetirilýän gowaçalar şu günler gül-gunçalaryny köpeldip, hasyl toplaýarlar. Hatarara bejerginiň talabalaýyk geçirilmegi üçin bu işe ýörite hünärmenler tarapyndan gözegçilik edilýär.