DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär

                      Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär
      Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ähli babatdaky ösüş-özgertmeleri bilen döwletiň hem-de halkyň durmuşynda mynasyp orun eýeleýär. Her bir ugurda gazanylýan üstünlikler şu günümiziň we geljegimiziň durnukly ösüşini pugtalandyrmaga, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyň täzeçilligini rowaçlandyrmaga, adam hakdaky aladanyň baş maksat hökmünde durmuşa geçirilmegine, döwrüň gazananlarynyň işjeňleşmegine uly esas berýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ähli ösüşleriň binýady hukuk taýdan berkidilýär. Munuň özi döwrüň öňe çykaran wezipelerini amal etmegiň baş şerti bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Milli Geňeşiň palatalary tarapyndan täze kanunçylyk namalary kabul edilip, öňki hereket edýänleri bolsa girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hasabyna has-da kämilleşdirilýär. Ýaňy-ýakynda dürli ugurlara degişli kabul edilen kanunlar hem muňa aýdyň mysaldyr. Milli Geňeşiň palatalary tarapyndan işlenip taýýarlanan we kabul edilen kanunlaryň maksadyny, wezipelerini, onuň durmuşdaky ähmiýetini okyjylara ýetirmek maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Boldumsaz etrap şahamçasynyň dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Sapargeldi Kurtow bilen gürrüňdeş bolduk.
       — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýaňy-ýakynda geçirilen on dokuzynjy maslahatynda döwletiň dürli ugurlaryna degişli kanunlar, birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Olaryň hatarynda «Elektron hökümet hakynda», «Itçilik we kinologiýa işi hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar.