DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Şowhuna beslenen «BAGTYÝAR NESIL»

                                Şowhuna beslenen  «BAGTYÝAR NESIL»
      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň guramagynda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Ýaşlar syýasaty — ýaş ykballaryň ganaty» ady bilen çäreleriň uly toplumy geçirildi. Şolaryň biri merkeziň aýdym-saz merkezinde çagalaryň oňat dynç almaklaryny gazanmak maksady bilen, ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde geçirilen şowhunly konsertdir. Çagalaryň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin sport meýdançasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler hem ýaýbaňlandyryldy. Merkezde el hünäri bilen meşgullanmak üçin hem mümkinçilik döredilip, gyzlaryň gurnak otagynda ene-mamalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten milli el işlerini wagyz etmek, olaryň geljekki nesillere hem miras galmagyny gazanmak maksady bilen, gyzlaryň el işleriniň sergisi-de guraldy. Gyzlaryň dürli biçüwde tiken köýnekleri, owadan nagyşlar salnan halylary serginiň täsirliligini has-da artdyrdy. Gurnak otaglarynda hem çagalarda zähmet endiklerini terbiýelemek maksadyna eýerilip, oglanlaryň ýasan zähmet we milli saz gurallarynyň sergisi guralyp, zähmet terbiýesi we onuň adamy taplaýşy baradaky gürrüňler çagalarda ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Çäreleriň dowamynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň merkezdäki şahamçasyna gezelenç guralyp, merdana ata-babalarymyzyň dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşantlary, taryhyň dürli döwürlerinde guran beýik döwletleri baradaky gürrüňler çagalaryň baý geçmiş taryhymyza oňat göz ýetirmeklerine, welaýat kitaphanasynyň merkezdäki şahamçasynda guralan çäre bolsa ýaş nesliň kitaba bolan höwesiniň artmagyna, Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň ähmiýetine has-da çuňňur düşünmegine uly ýardam etdi. Ýapyk binadaky howuzda sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça geçirilen bäsleşik çagalaryň tomusky dynç alşynyň gyzykly pursatlarynyň sanyny artdyrdy. Geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerine TMÝG-niň welaýat geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.