Mekdep bazarlarynda haryt bolçulygy
Ýurdumyzda, däp bolşy ýaly, her ýyl täze okuw ýylynyň golaýlaşmagy bilen, mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary işläp başlaýar. Şolaryň hatarynda Daşoguz şäheriniň merkezi «Daýhan» bazarynda guralan, mekdep harytlaryna, okuwçy hem talyp ýaşlar üçin niýetlenen egin-eşiklere baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýan mekdep bazary hem bardyr. Bu bazarda mekdep lybaslary, zerur okuw esbaplary halkymyza elýeter bahalardan hödürlenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberlerini we görnüşlerini artdyryp, olaryň halkymyza elýeter bahalardan satylmagyny üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň esasynda, mekdep bazarlarynda «Türkmenistanda öndürilen» diýen haryt nyşanly önümleriň köpdürlüligi çagalaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Ýurdumyzda haryt bolçulygynyň döredilendigini çagalary bilen mekdep bazarlarynda söwda edip ýören ene-atalaryň, özleri üçin satyn alnyp berlen geýimlerden, okuw esbaplaryndan hoşal bolan körpeleriň, okuwçy ýaşlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlaryndan aňmak bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdep harytlarynyň köpdürlüligi, şeýle-de mekdep okuwçylaryna niýetlenen lybaslaryň agramly böleginiň ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli tikinçilik kärhanalarynyň önümleri bolmagy, olaryň oňaýlydygy, howa şertlerimize, şol bir wagtyň özünde milliligimize kybap gelýändigi olara bolan islegi has-da artdyrýar. Gyzlar üçin tikilen dürli ölçegdäki uzyn ýeňli, ýakasy nagyşlanan köýnekleriň, nepis tahýalaryň, öňlükleriň, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslaryň, okuwçy oglanlaryň ak köýnekleriniň, gara jalbardyr penjekleriniň, aýakgaplarynyň göze gelüwli bolmagy söwda edýänlerde kanagatlanma duýgularyny döredýär. Mekdep bazarynda satuwa çykarylan okuwçy ýantorbalary, oňaýly okuw esbaplary, ähli synplaryň derslerine degişli depder, surat, çyzuw albomlary, gurallar, gündelikler, dürli reňkli kagyzlar, galamlaryň dürli görnüşleri köpöwüşginliligi, özüneçekijiligi bilen çagalaryň okuwa, öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Çagalaryň taýýar görnüşdäki mekdep lybaslarynyň dürli ölçegde bolmagy, ähli zerurlyklarymyzyň bir söwda nokadyndan bitmegi biziň üçin has-da amatly. Bu döredilen mümkinçilikler ýurdumyzda adam hakyndaky edilýän aladalaryň aýdyň nyşany bolup durýar. Hususy telekeçiler tarapyndan öndürilen, bedenterbiýe sapagynda geýmek üçin niýetlenen sport egin-eşikleriniň jana ýakymlylygy çagalarymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýär. Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda edýän tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli tutumlary rowaçlyklara beslensin!