DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

«Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!»

                                    «Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!»
      Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň welaýatlarda geçirilýän tapgyrlary häzirki wagtda uly ruhubelentlik bilen dowam edýär. Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilip, oňa 10 sany dutarçy sazanda hem-de bagşy gatnaşdy. Bäsleşigiň birinji tapgyrynda dutarda saz çalmak boýunça ýaş zehinler özara bäsleşdiler. Olar halypalardan dowam edip gelýän milli sazçylyk sungatymyzyň hazynasyndan birnäçe sazlary ýerine ýetirdiler. Her bir ýerine ýetirilen saz eseri barada halypalaryň maslahaty bäsleşige gatnaşýan ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Soňra bäsleşik halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän bagşylaryň arasynda dowam etdi. Bäsleşikde çykyş eden bagşylar dessanlardan parçalary ýerine ýetirip, halypa bagşylaryň nusgalyk ýoluna eýermekde özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň eminler toparynyň her bir bagşa aýratynlykda beren maslahaty olaryň sungat ýolunda kämilleşmeklerinde aýratyn ähmiýetli boldy. Şirwan perdeden ýaňlanan owazlar bäsleşigiň şowhunyny has-da artdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda dutarda saz çalmak boýunça Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Ürpekow, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mekan Jumageldiýew, bagşylaryň arasyndan halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Rahym Arazgeldiýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Täzegül Atajanowa ýeňiji diýlip yglan edildi we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan ýaş bagşy-sazandalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň belende galmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri bäsleşigiň dowamynda joşgunly beýan edildi.