DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gowaçalar bol hasyl toplaýar

                    Gowaçalar bol hasyl toplaýar
      Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek, möwsümleýin geçirilýän işleriň depginini has-da güýçlendirmek babatynda berýän yzygiderli tabşyryklaryndan ugur alyp, welaýatymyzyň ähli künjünde gowaçalara ideg işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu ugurda Görogly etrabynyň kärendeçi daýhanlary hem işleriň gyzgalaňly dowam edýän möwsüminde has-da yhlasly zähmet çekýärler. Etrap boýunça jemi 17 müň 500 gektar meýdana gowaça ekilip, ondan ak altynyň 34 müň 100 tonna hasylyny almak meýilleşdirilýär. Etrapda şeýle yhlasly zähmetiň joş urýan ýerleriniň biri-de «Berkarar» daýhan birleşigidir. Daýhan birleşiginiň başlygy Rahmet Rahmedow häzirki wagtda gowaçalara ideg işleriniň alnyp barlyşy barada şeýle gürrüň berdi:
     — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda daýhan birleşiginiň 1300 gektar meýdanyna pagta ekilip, ondan 2530 tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Ýerden bol hasyl öndürmegi, Watan harmanyna önjeýli goşant goşmagy maksat edinen daýhanlar bu ýerde näçe diýseň bar. Olaryň çekýän gaýratly zähmetiniň netijesinde, häzirki wagtda gowaçalaryň bol hasyla durandygyny görmek bolýar. Daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirýärler. Şeýlelikde, häzirki wagta çenli gowaçalara üç gezek hatarara bejergi geçirilip, şonça gezek hem ösüş suwy tutuldy. Pagtaçy kärendeçiler gowaçanyň hasyllylygyny kepillendirýän möhüm çäreleriň biri bolan ujuny çyrpmak işini hem öz wagtynda amala aşyrýarlar. Gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, joýa çekmek, zyýankeşlere garşy göreşmek çäreleri tehnikalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Şeýle işlerde Öregylyç Durdymedow, Arazdurdy Almedow, Hemra Nepesow ýaly mehanizatorlar öndürijilikli zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň ussat pagtaçy kärendeçileri Jahangül Halmyradowa, Jeren Haýydowa, Ýagşymyrat Illiýew dagynyň gowaça meýdanlarynda alyp barýan işlerini synlanyňda, bol hasylyň kemala geljekdigine ynamyň has-da artýar.