DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýaşlar — jemgyýetimiziň işjeň güýji

                        Ýaşlar — jemgyýetimiziň işjeň güýji
     28-nji ýanwarda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň geçirilmegi mynasybetli welaýatyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň guramagynda «Ýaşlar — jemgyýetimiziň işjeň güýji» atly şygar bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy. Onuň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlar syýasaty babatynda alnyp barylýan işler barada buýsançly belläp geçdiler. Şeýle hem bagtyýar ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda biragyzdan kabul edilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri göz öňünde tutýandygyny bellediler.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.