DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Poçta aragatnaşyk hyzmaty kämilleşýär

     Poçta aragatnaşyk hyzmaty kämilleşýär
Golaýda poçta aragatnaşyk ulgamynyň işini ýokary derejede guramak, ilata edilýän hyzmatlaryň hil derejesini gowulandyrmak, goýberilýän hatlaryň ýa-da ibermeleriň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler bilen gyzyklanyp, «Daşoguzpoçta» welaýat kärhanasynda bolanymyzda, kärhananyň poçta işini guraýyş we logistika bölüminiň hünärmeni Gülbahar Hudaýkulyýewa bilen söhbet etdik.
—Häzirki wagtda welaýatda şäher içi 10 sany, etraplarda 7 sany aragatnaşyk ulgamy hereket edýär. Olar hatlaryň we döwürleýin metbugatyň halka öz wagtynda ýetirilmegini üpjün edýärler.
Poçta aragatnaşyk işiniň döwrüň talabyna laýyk alnyp barylmagynda welaýatymyz boýunça öňdebaryjy hökmünde Köneürgenç etrabyny agzamak bolar. Şeýle-de indi birnäçe ýyldan bäri hereket edip gelýän halkara tizleşdirilen EMS geçirijileri poçta aragatnaşyk kärhanamyza birleşdirilen bolup, ol ýollanmalary sanly günlerde dünýäniň islendik künjüne ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Welaýat poçta aragatnaşyk kärhanasynda raýatlar üçin elýeterli bolan çaparçylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Ol poçtany salgydan salga ýa-da ýurdumyzyň islendik künjüne tiz wagtda gowşuryp, gapydan gapa eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär. Çapar haty ýollanmany kabul edip, resmi kagyzy doldurmaga, ýollanmany gaplamaga kömek edýär. Şeýle-de töleg kagyzyny we trek-belgini berýär. Çapar hyzmatynda pul geçiriminiň möçberi 3 müň manada çenli bolup, müň manada çenli 10 göterim, müň manatdan geçse 8 göterime çenli ýeňillikli hyzmaty amala aşyrýar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.