DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Akyldaryň döredijiligine bagyşlandy

     Akyldaryň döredijiligine bagyşlandy
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da akyldar şahyrymyzyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dürli çäreler, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi beýik şahyryň döredijiligine bagyşlanan «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi» atly sergini gurady. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan, Magtymgulynyň ömrüni we döredijiligini suratlandyrýan, tebigat bilen baglanyşdyrylyp çekilen suratlar, şeýle-de Pyragynyň miras goýup giden eserler ýygyndylary, nakgaş we heýkel eserleri, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň çeken suratlary ýerleşdirildi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.