DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Owlak-guzy möwsümi guramaçylykly dowam edýär

     Sährada ýaňlanýan şirin owazlar
Bahar pasly uzak Garagumda zähmet çekip ýören maldarlaryň durmuşynda hem örän jogapkärli döwür bolýar. Häzirki döwürde bu ugurda alnyp barylýan işler hakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýatymyzyň Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň başlygy Täçmuhammet Kakaýew bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol şeýle diýdi:
Ýakynda dowardarlarymyzyň, düýedarlarymyzyň durmuşynda aýratyn döwür hasaplanylýan dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi başlanyp, häzirki wagtda ol gyzgalaňly dowam edýär. Ýeri gelende aýtsak, şu möwsümde maldarçylyk hojalygymyzda bar bolan 30065 sany ene goýundan 25064 sany owlak-guzy, 1172 sany ene düýeden hem 527 sany köşek almak göz öňünde tutuldy.
Maldarçylyk hojalygymyzda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümine has öňünden ykjam taýýarlyk görüldi. Şonda 64 sany ene dowar hem-de 15 sany ene düýe sürülerimiz Garagum çölüniň has oňaýly, tekiz, ot-çöplere baý örülerine eltildi.
Şeýle aladalaryň netijesinde, ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly, hojalygymyzyň jemi 4 sany dowardarçylyk hem-de 1 sany düýedarçylyk bölümlerinde bu jogapkärli möwsümiň aladalary günsaýyn ýokary depgine eýe bolýar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.