DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Aýlaryň ýagşysy

     Aýlaryň ýagşysy
Il içinde aýlaryň ýagşysy hasaplanýan mukaddes Remezan aýy başlandy. Bu aýda ulus-ilimiz agzybirlikde oraza tutýar, agyz bekleýär. Halkymyz her ýylda umyt-arzuwlar bilen päkize asmanymyzda dogýan aýlaryň serweri Remezany — Orazany garşylaýar.
Däp bolup gelşi ýaly, Meret aýy tamamlanyp, Oraza aýy geldi diýlende, ikindinara päkize asmanda tylla Gün ýaşar-ýaşmaz uçurlary çagalar gapy-gapy aýlanyp «Ýaremezan» aýdyşyp, bu ajaýyp aýyň gelendigini buşlaýarlar.
Remezan arap diliniň «ramag» diýen sözünden bolup, «yssy» diýen manyny berýär. Ol köňül öýleriniň mähri bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem bu aýyň ajaýyplygyny özüniň goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär:
Ýylyň dört paslynda — on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn.
Oraza päklige, tämizlige çagyryşdyr. Bu aýyň dowamynda halkymyz Allanyň öýi hasaplanýan metjitlere baryp, tarawa namazyny okaýarlar.
Oraza aýynyň iň mübärek gijesi Gadyr gijesi hasap edilýär. Şonuň üçin oňa «Gijeleriň soltany» diýilýär. Bu gijäniň gadyr-gymmaty, haýyr-sahawaty hakynda dürli taryhy çeşmelerde aýdylýar.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.