DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ol ýönekeý ussa däl

     Ol ýönekeý ussa däl
Isak Asgarow Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň Köneürgenç şahamçasynyň bölüm müdiri bolup zähmet çekýär. Ol ömrüniň kyrk iki ýylyny gadymy ýadygärlikleri rejelemek işine bagyşlady.
Isak aga oýma nagyşly agaç gapydyr derweze ýasamagyň hem ussady. Şonuň üçin hem ol 1981-nji ýylda gurluşykda işläp ýören mahaly, Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasyna işe alynýar.
Soňlugy bilen, gadymy binalary rejelemek işinde barha ezberleşen ussa önümçilik ussahanasynyň bölüm müdirligine bellenýär. Onuň baş bolmagynda dürli ýyllarda Nejmeddin Kubranyň aramgähiniň peştagyny, Törebeg hanymyň kümmetini, Soltan Alynyň aramgähini, Dehistandaky derwezäni rejelemek işi üstünlikli amala aşyrylýar.
Söhbetdeşligiň barşynda, ol Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Öwezberdi işanyň kümmetini rejelemek işini alyp barýandygy hakynda gürrüň berdi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.