DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga

      Ýollarymyzyň asudalygy ugrunda
Her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar bilen biraýlygyň geçirilmegi, ilkinji nobatda, eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatlardan ugur alýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, halkara derejeli ýollar, köprüler gurulýar. Ýollarda bökdençsiz hereketi ýola goýmak, raýatlaryň rahat gatnawyny üpjün etmek, döwrebap ýol-ulag ulgamyny döretmek babatynda sazlaşykly işler alnyp barylýar. Döwrebap ýollar gijelerine daş-töweregi gündizlik deý ýagtylandyrýan çyralar, günüň islendik çagynda sürüji hem pyýada üçin anyk görünýän ýol belgileri bilen üpjün edilýär. Çatryklardaky sowma ýollar, köprüler, ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeler, ýanýodalar we ýaşyl zolaklar, bularyň ählisi sürüjilerdir ýolagçylaryň rahat hereketleri üçin döredilen mümkinçiliklerdir.
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde bu ugurda wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. Bu çäreleri geçirmegiň baş maksady ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakdan, ýaş nesle ýol hereketiniň kadalaryny öwretmekden we şu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

 Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzüniň ilkinji günlerinden «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre badalga aldy. Biraýlyk çäräniň dowamynda polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçeleri ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, gatnawly ýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça gözegçilik çärelerine uly ähmiýet berýärler. Çagalar edaralarynda, bilim ojaklarynda, dürli edara-kärhanalarda, oba ýerlerinde zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guraýarlar. Raýatlarymyzyň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak bu ugurda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň esasy maksadydyr. Mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýanyndan geçýän gatnawly ýollarda yzygiderli gözegçilik ýola goýulýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak ýollarymyzda ulaglaryň sanynyň artmagy ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge bolan talaby has hem güýçlendirýär. Ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr. Her birimiziň bagtyýar geljegimiz ömrümiziň rahatlygyndan başlanýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy hem ömrümiziň rahatlygyny kepillendirýär.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.