DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary

         Tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary
Daşoguz şäherindäki motor abatlaýyş kärhanasynyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň pagta ýygymy döwründe peýdalanyljak tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlamagy güýçli depginde alyp barýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde dürli kysymly traktorlar, pagta ýygýan kombaýnlar, tirkegler üçin şeýle şaýlaryň 50-ä golaý görnüşi, şeýle hem kebşirleýji enjamlara zerur bolan kislorod öndürilýär. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde zähmet çekýän ussalar taýýarlanylýan önümleriň hiliniň ýokary bolmagyna aýratyn üns berýärler. Kärhananyň şu ýylyň geçen sekiz aýynda önüm öndürmek boýunça bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmekde guwandyryjy netijelere eýe bolandygyny hem bellemek bolar.

 

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.