DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Şa serpaýynyň eýeleri

      Owazy äleme doldy dutaryň!
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 12-si hem-de şonça sazanda gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny mähir we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-siniň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom hem-de altyn zynjyr gowşuryldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň ýaş dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda ikinji gezek ýokary derejede geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde ýeňiji bolan ýaşlaryň arasynda welaýatymyzyň adyndan çykyş eden bagşy-sazandalary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olaryň ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.

Güýçmyrat ATABAÝEW,
Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy:
— Biz — ýaşlara uly sahnalarda halypalaryň öňünde çykyş edip, öz başarnygymyzy görkezmäge giň ýollary açyp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.
Dutar sazynyň näzikligi, şirinligi her bir ynsany maýyl edýär. Çagalygymdan dutarçy bagşy bolmagy arzuw edýärdim. Häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýan Inermyrat Çontykowdan milli buýsanjymyz hem-de gymmatlygymyz bolan dutarda saz çalmagy we aýdym aýtmagy öwrendim. Mundan başga-da, Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabyr Sabyrow hem maňa türkmen halk aýdymlaryny, dessanlary aýtmagy öwretdi.
Halypa bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlaryny, dessanlaryny ürç edip diňleýärin. Halypalaryň wideoýazgylaryna tomaşa edip, olaryň sahnada özüni alyp baryşlaryna, dutar çalyş aýratynlyklaryna, dessan aýdanlarynda ýerine ýetirýän hereketlerine üns berip, özümi kämilleşdirmäge çalyşýaryn. Boş wagtlarym bolsa dessanlary, şeýle-de halkyň ýüreginde müdimilik orun tutan türkmen halk aýdymlaryny öwrenmäge synanyşýaryn. «Babaröwşen», «Sagdy-Wakgas», «Ýusup-Ahmet» dessanlaryny, «Görogly» şadessanynyň «Öwez öýlenen» hem-de «Harmandäli» şahalaryny ýatdan bilýärin. Welaýatymyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda çykyş edip, zähmetsöýer halkymyzyň armasyny ýetirip durýaryn. Men bu bäsleşige ikinji gezek gatnaşýaryn. Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda «Babagammar» dessanyndan, döwlet tapgyrynda bolsa «Görogly» şadessanynyň «Öwez öýlenen» şahasyndan bir parçany ýerine ýetirdim.
Men hem geljekde saýlap alan hünärim boýunça halypalardan türkmen halk aýdymlarynyň, halk dessanlarynyň ýerine ýetirilişini içgin öwrenip, milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşjak ýaşlaryň biri boljakdygyma ynandyrýaryn.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Serdarymyzy ýene-de sanlyja günden ýurdumyzda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
                                                                                                                                                               * * *
Begenç URPEKOW,
Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy:
— «Arzuwlaryň ganaty bar» diýilýär. Hakykatdan hem, biziň Türkmenistan döwletimiz arzuwlaryň hasyl bolýan mekany. Men muny öz durmuş tejribämden hem aýdyp bilerin. Men bu bäsleşige ikinji gezek gatnaşýaryn. Ilkinji gezek geçen ýyl geçirilen bäsleşigiň ilkinji ýeňijilerini görüp, şol ýaşlaryň üstünligi ýaly üstünlik gazanmagy arzuw edipdim. Bu gün bolsa arzuwlarym wysalyna gowuşdy.
Dutar çalmak meniň çagalyk arzuwymdy. Mekdepde okaýan döwürlerimden aýdymçy bolmak höwesi döredi. Kakamyň dogany Geldimyrat Ýalkabow tar saz guralynda türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirýär. Onsoň men hem kiçiligimden agamlara gatnap, ol ýerde türkmen halk aýdymlaryny diňleýärdim. Olara her gün baranymda öýleriniň törüne bezeg berip duran dutary elime alyp, saz çalan bolardym. Mende aýdym-saza bolan höwesiň bardygyny duýan agam ony ejem bilen kakama aýdýar. Olar meni etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebiniň dutarçylyk hünärine okuwa berdiler. Bu ýerde men ussat mugallymlardan tälim alyp, dutar çalmagy hem-de onda aýdym aýtmagy öwrendim. Bagşy bolmak höwesi bilen men Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk hünärinde okuwymy dowam etdirdim. Bu ýerde maňa Garrybaý Agamedow halypalyk etdi. Halypamyň ýardamy bilen birnäçe halk sazlaryny we aýdymlaryny aýtmagy öwrenip, welaýatymyzyň çäginde geçirilýän dürli dabaralara gatnaşyp başladym. Türkmenistanyň halk artisti Bally Mätgeldiýewiň ýolundan türkmen halk aýdymlaryny özümçe ýerine ýetirýärin.
Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebini tamamlanymdan soň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşylyk hünärinde okuwymy dowam etdirdim. Bu ýerde maňa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Osman Güjümow halypalyk etdi. Häzirki wagta çenli «Gyrmyzy», «Teşnit», «Muşdak ýar», «Nergiz», «Sallana», «Säherde», «Keçpelek», «Jerenim», «Jereni kyblam», «Balsaýat», «Ene», «Sataşdym», «Ybraýym şa dilli», «Kerem geldi» ýaly onlarça türkmen halk sazlaryny öwrenip, olary ýerine ýetirip, ösüp gelýän ýaşlara öwredýärin. Boş wagtlarym halk sazlaryny nota geçirmek bilen hem meşgullanýaryn.
Bagşyçylyk sungatyny rowaç menzillere ganatlandyrýan, biz — ýaşlara döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, Watanymyzy gülletmek ugrundaky her bir döwletli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

 

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.