DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Täze tehnikalar — uly güýç

     Täze tehnikalar — uly güýç
Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, şu ýyl welaýatymyzyň oba hojalyk ulgamyna degişli edara-kärhanalara, önümçilik birleşiklerine daşary ýurtlardan satyn alnan dürli kysymly tehnikalar, olaryň gurallary yzygiderli gelip gowuşýar. Muňa ýaňy-ýakynda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Altynasyrtürkmenkölgurluşyk» hem-de «Ýersuwgurluşyk» kärhanalaryna jemi 20 sany täze, kuwwatly ekskawatorlaryň berilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde akar ýaplary arassalamak, zeý akabalarynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak, şeýlelikde, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işlerde täze tehnikalaryň güýjünden öndürijilikli peýdalanylýar.

 

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.