DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Zenanlar guramasynda

      Inçe sungata sarpa
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde bagtyýar döwrüň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan, zähmetsöýer, çeper elli zenanlaryň arasynda yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Daşoguz şäheriniň «Bedew» toý mekanynda geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan çeper elli zenanlaryň 14-si gatnaşdy. Toý mekanynyň giň eýwanynda el işleriniň dürli görnüşleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylyp, gözel görkli görnüşler bäsdeş zenanlara ruhubelentlik eçildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny dabaralandyrmak hem-de türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilen bu bäsleşikde ussat, çeper elli zenanlarymyz, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, keşde çekmäge taýýarlyklary barada gürrüň berdiler. Olar ýaka, tahýa, kürte keşdeläp başlamak üçin zerur bolan iňňe saýlamak, ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, ýerligini nagyşlaryna laýyklap biçmek ýaly taýýarlyk işlerini görkezdiler.
Soňra emin agzalary zenanlaryň keşde çekişlerine, iňňe tutuşlaryna, işilen ýüpek sapaklarynyň ýerlige görä ulanyşyna syn etdiler. Zenanlar on barmagynyň oýnamyndan, çuňňur zehinlerinden dörän, «Elimden çykan egnime ýarar» diýlişi ýaly, öz elleri bilen taýýarlan milli lybaslaryny geýnip, keşdeleriň taryhy, nagyşlaryň gelip çykyşlaryny çeper sözler, goşgy setirleri, rowaýatlar we gazallaryň üsti bilen çeper wasp edip, başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda eminleriň gelen netijelerine görä, Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mahym Annaýewa 1-nji orna, Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkeziniň geýim saklaýjysy Jennet Annaýewa 2-nji orna, Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulgurban Berdiýewa 3-nji orna mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dabara welaýatyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen jemlendi.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.