DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Hünärim bar — hormatym bar

      Hünärim bar — hormatym bar
Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda ene-mamalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny, el işlerini wagyz etmek maksady bilen, «Hünärim bar — hormatym bar» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen söhbetdeşlikde zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, Daşoguz şäherindäki 39-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Enejan Amanýazowa, Boldumsaz etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň mugallymy Ýaňyl Akyýewa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Laçyn Nurmedowa, welaýat Teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy Elmira Öwezowa dagy çykyş etdiler. Olar türkmeniň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy, halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde wagyz etmek, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda edilýän aladalar, durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.
Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan el işlerini synlanyňda, irginsiz sarp edilen zähmeti görmek bolýar. Türkmen keşdeçilik sungaty beýleki el işlerinden tapawutlylykda, özüniň ajaýyplygy, owadanlygy bilen göreniň ünsüni çekýär. Nagyşlarda gyz-gelinleriň durmuş hakdaky arzuwlary jemlenendir. Söhbetdeşlikde bular baradaky gürrüňler bilen birlikde, ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýanynda bolan maşgalasy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ol ýerde guralan medeni çärelere gatnaşandygy, şeýle-de Pekindäki Zenanlar we çagalar muzeýinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly serginiň guralandygy, onda nepis halylarymyzyň, el işleriniň köpdürli nusgalarynyň görkezilendigi dogrusynda hem buýsanç bilen aýdyldy. Sergide ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtygynyň myhmanlara alaja örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezmegi halkymyzyň däp-dessurlarynyň nesilme-nesil dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Çykyş edenler milli mirasymyzy gorap saklamakda, ony ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekde, türkmeniň gaýtalanmajak milli sungatyny, el işlerini dünýä ýaýmakda döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.